Kitap-dünýäniň açary.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýeti bilen bilelikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýyrdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir” diýen, parasatly jümlelerden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek, maksady bilen “Kitap-dünýäniň açary” atly söhbetdeşlik, ylmy-amaly maslahat, çagalaryň arasynda kitap şüweleňi geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Şeýle-de kitaphananyň çagalar otagynda körpe jigilerimize ertekilerdäki gahrymanlary gurjaklaryň üsti bilen janlandyrylmagy çagalaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.