OBSERWATORIÝASY - LEBAP WELAÝAT KITAPHANASY

Перейти к контенту

Главное меню:

OBSERWATORIÝASY

LEBAP OBSERWATORIÝASY

Kitaphananyň ýokarky gatynda özi açylyp-ýapylýan gümmez bolup, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kompýuter otagy göz oňünde tutulan.
Obserwatoriýada Germaniya Federatiw Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredildi.Lebap welaýat kitaphanasynda obserwatoriýanyň hereket etmegi bu sebitde fizika, astronomiya, geografiya we geofizika, asman giňişligini öwrenmek ugurlarynyň nazaryýetine, tejribe işine gyzyklanmany has artdyrar. Munuň ähmiýeti bolsa has uludyr.
Bu ýerde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň önümi bolan “Alt-Azimutly Kassegren-Nesmit ASTELCO” kysymly kämil teleskop oturdylan.
Ylym-bilime, raýatlaryň intellektual mümkinçiliklerine, ruhy-medeni mirasyň öwrenilmegine, ynsan kalbynyň şamcyragy hasaplanýan kitaplara yaş nesliň kalbynda söýgini hem hormaty döredip bilýän ýurduň gelejegi rowanadyr.



 
Назад к содержимому | Назад к главному меню