Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna bagyşlanyp “Awaza-parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahat söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşnyýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän dünýä bileleşiginiň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç dine ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.