BIZ BARADA

My photo

Kitaphananyň dünyä ülňelerine laýyk gelyän döwrebap binasy özüniň binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanyar.Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutyan meydany 26965,0 inedördül metr. Binanyň beyikligi 30 metre barabar, ini 60 metr, gapdal uzynlygy 60 metr.

Kitaphana 3 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 450 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Kitaphananyň ululy-kiçili 10 sany umumy okalga zaly bar.


GATLAR


sample image

1-nji gaty

1-nji gatda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba layyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Bu gatda 30 orunlyk 3 sany, 25 orunlyk 1 sany umumy okalga zaly, 12 orunlyk internet zaly bar. Okalga zallary giň hem-de ýagty edilip ýerleşdirilen. Şeyle hem 1-nji gatda çagalar üçin oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler yerleşdirilen. Bu gatda elektron katalogyny we adaty kataloglary yerleşdirmek üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan.


sample image

2-NJI GATY

2-nji gatda okyjylar üçin niýetlenen jemi 4 sany umumy okalga zaly bolup, olaryň 3 sanysy 46 orunlyk, 1 sanysy bolsa 56 orunlykdyr. Şeyle-de 2-nji gatda hünärmenleriň iş otaglary, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen. Bu gatda edebiyat gaznasynda saklanylýan saz eserlerini diňlemek üçin ýöriteleşdirilen otag, dokumental we arhiw kinofilimlerine tomaşa etmek üçin enjamlaşdyrylan 20 orunlyk DWD zaly bar.


sample image

3-nji gaty

3-nji gatda 2 sany 46 orunlyk okalga zaly, ýörite bölümler hem-de hünärmenler üçin niýetlenen iş otaglary bar. şeyle hem kitaphananyň ýolbaşcy düzümi üçin iş otaglary ýerleşdirilen. Bu iş otaglarynyň ýanaşyk ýerinde 194 orunlyk mejlisler zaly bar. Kitaphananyň bu gatynda neşirleri jemlemek we gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenen ussahanalar, şeyle-de “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeyi ýerleşdirilen.


sample image

Obserwatoriýasy

Kitaphananyň ýokarky gatynda özi açylyp-ýapylýan gümmez bolup, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kompýuter otagy göz oňünde tutulan. Obserwatoriýada Germaniya Federatiw Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredildi.Lebap welaýat kitaphanasynda obserwatoriýanyň hereket etmegi bu sebitde fizika, astronomiya, geografiya we geofizika, asman giňişligini öwrenmek ugurlarynyň nazaryýetine, tejribe işine gyzyklanmany has artdyrar. Munuň ähmiýeti bolsa has uludyr. Bu ýerde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň önümi bolan “Alt-Azimutly Kassegren-Nesmit ASTELCO” kysymly kämil teleskop oturdylan. Ylym-bilime, raýatlaryň intellektual mümkinçiliklerine, ruhy-medeni mirasyň öwrenilmegine, ynsan kalbynyň şamcyragy hasaplanýan kitaplara yaş nesliň kalbynda söýgini hem hormaty döredip bilýän ýurduň gelejegi rowanadyr.

Goý, bu bina türkmen ylmyny, medeniýetini ösdürmäge hyzmat edip, türkmen halkynyň şöhratly ýoly hakyndaky hakykaty asyrlardan asyrlara aşyryp, geljek nesillerimize ýetirsin!

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ: GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW.

HABARLAR