Pederlerimizden nusga bolup galan agzybirlik, birek-birege ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklary ýaly milli ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwerlige, hoşniýetlige ýugrulan asylly ýörelgeleri dünýä ýurtlary we halklary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Diňe türkmen halkynyň däl, eýsem doganlyk halklaryň hem asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Parahatçylygy,ynanyşmagy şygar edinen ata Watanymyz dünýä ýurtlary bilen özara gatnaşyklary has-da berkidýär. Bu gatnaşyklar 2025-nji ,,Halkara parahatçylyk we ynannyşmak” ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 25-nji uýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap sowgat berildi. Ýaponiýadan gelen myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary berdiler. Olar gezelenjiň dowamynda kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. ,,Bitaraplyk –belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki kitaplar ýerleşdirildi. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi halkymyzyň ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ösdürmek bilen, ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli bolmagyna uly ýardam berýär. Biz kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny giň okyjylar köpçüligine ýetirmegi özümize borç hasaplaýarys. Ýapon myhmanlarymyzyň sowgat eden kitaplary okyjylar tarapyndan söýülip okaljak naýbaşy eserler boljakdygyna biz ynanýarys. Bizi kitaphana işgärleri şeýle ajaýyp zamanada işlemäne, okamana giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun.