Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş” merkezinde dynç alýan çagalar bilen “Kitap halkymyzyň ruhy hazynasy’’ ady bilen gürrüň geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen çagalary gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar hem-de bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Çagalar dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz buýsançlaryny goşgular arkaly beýan etdiler.