“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” her bir güni, her bir aýy, şanly wakalar, toý-dabaralar bilen utgaşýar. Ynha, bu gün bolsa ajaýyp baýram. ¬- Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Altyn güniň ilkinji güýzünde Diýarymyzyň bilim terbiýeçilikli orta we ýokary okuw mekdeplerinde täze, 2025-2026-njy okuw ýyly badalga alýar. Welaýatymyz boýunça orta mekdepleriň 1-nji synpyna barýan körpeleriň şu pursatda begenç-buýsanjynyň çägi ýok. “Bilimli nesil- kuwwatly Watan” diýlişi ýaly, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanylýar, täze okuw dersleri girizilýär. Bu gün bilim ojagynda täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyryp ilkinji jaňlar kakylýar. Ol ýakymly mukam bolup, kalplara dolýar.