Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Şanly Garaşzyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp ,,Garaşsyzlyk-parahatçylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen brifing geçirildi. Bu ýerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen beýik ýeňişler, sepgitler, Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendigi, ägirt uly halkara abraýa eýe bolandyklary barada çykyşlar edildi. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolmak bilen, umumyadamzat gymmat-lyklaryna demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne alýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Garaşsyzlyk ýurduň deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanmagyny, ýaşaýyş durmuş medeni meseleleriň netijeli çözülmegini, umumy döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalary, bilelikdäki halk taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmegini üpjün edýär. Parahatçylyga, dostluga, hyzmatdaşlyga esaslanan türkmen halky Garaşsyzlygy diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, durnuklylyga, abadançylyga doly gabat gelýär diýip belläp geçdiler. Brifingyň dowamynda gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler we “Türkmenistan-ata ýurdum Garaşsyz” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.