Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn

Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýylygyna bagyşlap “ Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn” atly maslahat agşamy geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy-özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýardyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar “ Garaşsyzlyk mukamy” atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne,ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR