Mukaddes Watanymyzyň goragynda

Mukaddes Watanymyzyň goragynda

Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 11205 harby bölüminde “Döwletli ýörelgeler dowamat-dowam” atly esgerler bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýerdewatan mukaddesligi, ata-babalarymyzyň watany goramakda gahrymançylykly hereketleri, watansöýüjilik däpleri ýaly mertlik, batyrlyk barada giň gürrüňler berildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň giňişleýin kitap sergisi guraldy. Çykyşlaryň dowamynda esgerler özlerine üçin watan öňündäki borjuny bir kemsiz ýerine ýetirjekdiklerini ynandyrdylar we ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alypbarýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR