Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň Maliýa-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllyk toýunyň öňi syrasynda geçirilen Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda “Halk maslahaty-türkmeniň gadymy ýörelgesi” atly maslahat geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar “ Türkmenistan –ata ýurdum Garaşsyz” atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Işlemäne, okamana döredip berýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.