,,Bilimli ýaşlar Watanymyzyň güýç kuwwaty’’

,,Bilimli ýaşlar Watanymyzyň güýç kuwwaty’’

Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji şahamçasynyň kitaphanaçysy Türkmenabat şäherindäki 17-nji orta mekdebinde ,,Bilimli ýaşlar Watanymyzyň güýç kuwwaty’’ atly gürrüň geçerdi. Bilim ulgamynda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrundaky işler üznüksiz ýokarlandyrýandygy barada okuwçylaryň arasynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR