Ýaşulular pähim-paýhas mekdebi

Ýaşulular pähim-paýhas mekdebi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Ýaşulular pähim-paýhas mekdebi” atly maslahat geçirildi. Bu çärä il hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, kitaphana işgärleri we Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Ýaşulularyň göreldesi - ýaş nesillere ýörelge” atly kitap sergisine syn etdiler şeýle-de döwrebap ýaşamana döredip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR