Şypaly ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy

Şypaly ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasynyň “Şypaly ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy” ady bilen giňişleýin sersisi guraldy. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny hem saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Şeýle-de sergide ýerleşdirilen ajaýyp ylmy kitaba syn berilende beýleki derman ösmlikleri bilen birlikde ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan buýan we onuň dermanlyk häsiýetleri barada maglumatlaryň berilmegi guwandyryjydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda welaýatymyzda buýan kökünden alynýan Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasynyň gurlup ulanylmaga berilendigi, bu bolsa, ýurdumyzyň milli baýlyklaryny halkymyzyň bähbidine, halkymyzyň saglygyna peýdalanmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip buýsanç bilen bellediler.


HABARLAR