Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen ojagynyň wepaly sakçysy” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bahbitli işleriň sanawuny artdyrýandygy, asyrlardan aşyp gelýän ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändigi barada gyzykly çykyşlar boldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Dünýä meşhur alabaý” atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Türkmen alabaýy atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly tasir galdyrdy.