Lebap welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenabat şäheriniň orta hünär mekdepleriniň talyp ýaşlary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilip durylandygy, kitap sekiz bölümden ybarat bolup, üç dilde –türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilendigi, täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilendigi barada durup geçdiler. Bu kitabyň çapdan çykmagy biz üçin, ähli halkymyz üçin, giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýändigi şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň, durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilşi, pähim-paýhasly şygarlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, şahyryň ýubleý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilendilip, ýurdumyzda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada, beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge gatnaşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň atlary agzalyp, bu kitapda olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir diýip çykyşlarynda aýtdylar. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläkde galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höňwriniň köp bolmagyny we ajaýyp döwrimizde okamana, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilip berilen ähli şertleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.