Ýeňişler bilen öňe!

Ýeňişler bilen öňe!

Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän “Akyl giňişligi” atly bäsleşigiň final tapgyryna Lebap welaýat kitaphanasynyň topary çykdy. Kitaphanaçylaryň 6-syndan ybarat bolan welaýatymyzyň topary deslapky tapgyrlarda Mary welaýatyndan we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan gatnaşan kärdeşlerini ýeňdiler. Bäsleşik gaty gyzykly hem-de täsirli geçdi. “Akyl giňişligi” atly bäsleşigi halkymyz tarapyndan söýülip tomaşa edilýär. Bu bäsleşik kitaphanaçylar üçin gyzykly, kitaphana işinde kämilleşmäge, öwrenmäge uly mümkinçilik döredýär. Bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin final duşuşygynda Lebap welaýat kitaphanasynyň topary Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylaryndan düzülän kärdeşleri bilen bäsleşerler.


HABARLAR