Bedew atlar toýlaryň görki

Bedew atlar toýlaryň görki

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako Kinýazlygynyň Monto-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmaklary dogrusynda Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda “Milli ýörelgeler okgunly ösüşleriň binýady” atly mowzuk agşamy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hünärmenleri we Türkmenabat Agrosenagatorta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Gözelligiň we ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde Ahalteke behişdi bedewlerimiz barada, olaryň dünýä dolan şan-şöhraty baradaky gürrüňler bedewlerimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şeýlede çäräniň dowamynda “Ady äleme dolan bedewler” atly kitap sergisi guraldy.


HABARLAR