Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän “Akyl giňişligi” atly telebäsleşigiň final tapgyrynda Lebap welaýat kitaphanasynyň topary ýeňiji bolup “Akyl giňişligi” telebäsleşiginiň hemişelik kubogyna eýe boldular. Kitaphanaçylaryň 6-syndan ybarat bolan welaýat kitaphanasynyň topary, tapgyrlarda ýeňiji bolup, finalda hem Daşoguz welaýatynyň kitaphanaçylaryndan düzülen topary ýeňdiler. Halkymyz tarapyndan söýülip tomaşa edilýän “Akyl giňişligi” telebäsleşigi gaty gyzykly hem-de täsirli geçdi. Bu telebäsleşik kitaphana işinde kitaphanaçylaryň kämilleşmegine, işe bolan höwesini artdyrmagyna uly itergi berýär.