“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň “Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän”, bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 26-njy orta mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenan mertebesi-zemin zynaty” atly mowzuk agşamy geçirildiler. Ýurdumyzda zenanlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek, olaryň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri, sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýandygy barada gürrüňler berildi. Şeýlede “Zenanlar dünýäniň durky, öýleriň örki” ady bilen kitap sergisini guradylar.