Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynyň hünärmenleriniň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň “Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan ugur alyp “Gadymy şäheriň ýaňy” ady bilen Garabekewül medeniýet merkezinde göçme kitap sergisi guraldy. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý milli-mirasyny geljekki nesilleriň arasynda wagyz edilmegi üçin sergide ýerleşdirilen kitaplar ýaşlarda kitaba bolan höwesi has-da artdyrdy. Gatnaşyjylar okamana, milli-mirasymyzy öwrenmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.