Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda kitaphana we bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda 18-nji maý Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdak hem Konstitusiýa berkararlygyň synmaz sütünleri” atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Konstitutsiýa hem Baýdak – türkmeniň buýsanjy” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Ýaşamana, öwrenmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.