Lebap welaýat häkimliginiň we welaýatyň Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň uçurumlary 25-nji maý soňky jaň dabarasy mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde bolup, kitaphanada gurnalan giňişleýin kitap sergilerine, döwrebap tekjelerinde ýerleşdirilen kitaplara syn etdiler. Gezelenjiň dowamynda ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.