Kitaphanalar bilim baýlygydyr.

Kitaphanalar bilim baýlygydyr.

Bilşimiz ýaly, döwletimizde kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly aladalar edilýär. Muňa welaýatlarda gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň, ähli amatlyklary bolan häzirkizaman kitaphanalaryň, bu ýerlerde işlemek üçin döredilip berlen giň şertleri, kitaphana işine yzgiderli innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagy, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny mysal getirip bileris. Bu ugur boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen, kitaphanalaryň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli, yzgiderli işler alnyp barylýar. “Elektron kitaplar – elektron dünýä, munda geljegimiz aýdyň görünýär” diýen ýörelgä eýerip, kitaphana işgärleri kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, kitaphanaçylaryň netijeli işlemekleri, ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýalar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäler.


HABARLAR