Kitap – çuň paýhasdyr, täsin söhbetdir, kitaphanaly ýurt gençli döwletdir

Kitap – çuň paýhasdyr, täsin söhbetdir, kitaphanaly ýurt gençli döwletdir

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda milli medeniýetimizi, şol sanda ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hakyndaky Karara gol çekmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirkizaman şertlerinde goralyp saklanylmagyny üpjün etmekde, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmakda, ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetli işler alynyp barylýar, bu bolsa kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda düýpli kämilleşmeginde uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň, şol sanda seýrek duş gelýän, köp okalýan kitaplaryň, ylmy edebiýatlaryň, çeper eserleriň, ensiklopediýalaryň, sözlükleriň skaner edilmegi, kitaphana hyzmatyny ýokary derejede guramaga, many-mazmuny has-da baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak, dünýä edebiýatyna aralaşmak mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döredýär. Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly aladalar edilýär. Muňa Lebap welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň, ähli amatlyklary bolan häzirkizaman kitaphananyň, bu ýerlerde işlemek üçin döredilip berlen giň şertleriň, kitaphana işine yzgiderli innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagy, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny mysal getirip bileris. Bu ugur boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen, kitaphanalaryň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli, yzgiderli işler alnyp barylýar. Şu ýerde buýsanç bilen bellemek gerek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy, şeýle-de kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga, bu ýerde obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy, döwrebap sanly tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljekdigi, ýaş nesillerimiz üçin okuw sapaklaryny geçirer ýaly şertleriň boljakdygy, bu bolsa çagalaryň bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ylmy açyşlaryň möhüm ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçileri berer.


HABARLAR