Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri

Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän” bölüminiň kitaphana işgärleriniň guramagynda Türkmenabat şäheriniň 51-nji çagalar bakja bagynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda “Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri” ady bilen çagalar ertirligi geçirdi. Kitaphananyň ýörite niýetlenein çagalar otagynda halk ertekilerindäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp çagalaryň çykyşlaryna tomaşa edildi. Bu ýerde Watanymyzy wasp edýän goşgularyň okalmagy we döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen çagalar edebiýatlaryny kitaphana hünärmenleri tarapyndan okap bermekleri bolsa, ýaş körpelerde kitaba bolan söýgüni hem-de kitaphana yzygiderli gelmeklerini gazandylar.


HABARLAR