Welaýat kitaphanasynda kitaphananyň gurnamagynda welaýatyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullygynyň işgärleriniň, Türkmen gündogary gazediniň redaksiýasynyň gatnaşmaklarynda “Akyldar şahyryň döredijilik mirasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly kitap sergisine syn etdiler. Bu sergide Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň gadymy nusgalary we ol baradaky kitaplar ýerleşdirildi.