Tomus pasly çagalar üçin iň gyzykly döwür. Bu döwürde çagalaryň her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilendir. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomus paslynda çagalaryň boş wagtlary kitap bilen dostlaşmagy üçin welaýatymyzyň çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergileri gurap, gyzykly çäreleri, bäsleşikleri, çeper okaýyşlary ýola goýýarlar.Ynha “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem kitaphana hünärmenleri çagalar üçin “Bagtyýar nesilde şypaly dynç alyş” atly tematiki agşamyny gurnadylar. Bu agşamda edilen gürrüňler çeper okaýyşlar, görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. hem-de ýurdumyzyň Altyn asyr teleýaýlymyna ýazgy edildi. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özlerniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.