“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ,,Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy” atly duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda yurdumyzyň dürli künjeginden gelen çagalar bilen ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň dowamynda çagalaryň arasynda bolsa sesli okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. Çagalar bilen bilelikde arassa howada “Bagtyýarlyk çagalar we sagaldyş” dynç alyş merkeziniň gözel tebigatynda gezelenç edildi.