Şadyýan möwsümde täsirli pursatlar.

Şadyýan möwsümde täsirli pursatlar.

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş müzeýinde çagalar üçin täsin dünýäni açyp görkezýä gyzykly pursatlary döredýäler. “Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde”, şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdanlary, açyk asman astyndaky hem-de üsdi ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompyuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edilen dynç alyş merkezlerimizde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen çagalar öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, şatlyklaryny paýlaşýarlar. Bu ýerde guralýan medeni - köpçülikleýin çäreler, dürli oýunlar oýnalyp wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomusky dynç alyş merkezlerine baryp özleriniň kitap sergilerini gurap, çagalara ertekili kitaplary gürrüň berip, çagalary kitap bilen dostlaşdyrmak arkaly şadyýan möwsümiň şatlykly günlerinde tebigatyň gözel künjeklerinde çagalary syýahat etdirmekde öz goşandyny goşýarlar. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özlerniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýäler.


HABARLAR