Kitap dünýäniň açary

Kitap dünýäniň açary

2025-nji “Halkara – parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergilerine syn etdiler. “Bitaraplyk-belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki, ýapon halkynyň taryhy baradaky bir näçä kitaplaryň kitap sergisi guraldy.


HABARLAR