Lebap welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda ,,Berkarardyr, parahatdyr bu mekan” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumuza getirýän şan-şöhraty dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylgynyň bähbidine hyzmat edýär. Bitaraplygymyzyň dünýädäki ähmiýetiniň artmagynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň orny uludyr. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.