Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi

Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi” atly maslahat geçirdiler. Maslahata il ýaşululary, kümüş saçly eneler, dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we etrap kitaphanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýaşuly nesiller pähim-paýhas, görelde mekdebidir. Ähli döwürlerde olaryň sözleri diňlenilipdir, watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde görkezilýän göreldesinden nusga alypdyrlar.Halkymyzyň ýaşuly nesillere hormat goýmagy gadymdan gelýän ýörelgedir. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR