Bilimli ýaşlar ata Watanymyzyň daýanjy

Bilimli ýaşlar ata Watanymyzyň daýanjy

Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramaklarynda ”Bilimli ýaşlar ata Watanymyzyň daýanjy” ady bilen maslahat geçirdiler. Masahatda edinlen çykyşlarda 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagynda mugallymlara, talyp ýaşlara, okuwçylara ýüzlenip, özüniň oý pikirlerini beýan edip, çykyş etmäge isleg bildiren ýaşklara söz berdi. Bu bolsa ýaşlary has-da okuwyna jogapkärli çemeleşmegine borçlandyrdy diýip bellediler. Şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň “Bilim kämillige badalga” atly guran kitap sergisine syn etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR