Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda “Garaşsyz Watanym Arkadaglydyr” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, beren miweleridir - ösüşleri barada gyzykly gürrüňler berildi. Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyza bagyşlap, Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şygyrlar okaldy, tapmaçalar aýdyldy. Bu gün bütin adamzadyň ykbaly, ýagty gelejegi hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.