Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň Agrar partiýasynyň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda ahalteke bedewlerimiziň hormatyna “Ahalteke bedewi-döwürleriň buýsanjy” atly maslahat geçirildi. Mälim bolsy ýaňy golaýda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patşalygynyň Kronenberg şäherinde Halkara atçylyk assosiýasynyň açyk gapylar mejlisi, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçirildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň “Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu bolsa “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhrady has-da dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň buysanjy, owazasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň behişdi bedewleriň şöhratyny artdyrmakda, şeýle-de atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, däpleri we tejribeleri öwrenmekde medeni diplomatiýanyň uly ähmiýetiniň bardygy barada çykyş etdiler. Çünki ahalteke bedewleri Garaşsyz Watanymyzyň bu günki ösüşlerini äleme ýaýan naýbaşy gymmatlyklarymyzdyr.