Lebap welaýat kitaphanasynyň “Usuly” bölüminiň gurnamagynda etrap kitaphana müdirleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Kitaphana-hazynalar ummany” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda kitaphanaçylaryň işini kämilleşdirmek, olaryň alyp barýan işlerinde çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini, elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we olary ylmy-döredijilik, terjibeçilik işlerine höweslendirmek boýunça, kitaphanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphana gelip gowuşýan täze kitaplaryň bellige alynyşy, barada çykyşlar edilip, kitaphanaçylar öz arasynda sorag-jogap alyşdylar.