2026-njy ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda welaýatymyzyň etrap kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda kamil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň 28.01.2026-njy ýyldaky №14-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň 28.01.2026-njy ýyldaky №30-24g belgili Buýruk-Karary esasynda “Türkmenistan ösüşleriň diýary-ganatly bedewleriň mekany” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. I-nji orna Kerki eterap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Prnazarowa; II-nji orna Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa; III-nji orna Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagylar mynasyp boldular. Gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny ösdürmekde ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.