Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda ,,Beýik maksatlar-uly ýeňişlere ýetirýär’’ atly kitaphananyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahatda 2026-njy ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at myradyň mekany’' ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin tassyklanan Döwlet maksatnamasyna laýyklykda kitaphanada alynyp barylmaly işler dogrusynda durulyp geçildi.