Şadyýan pursatlar

Şadyýan pursatlar

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bagynda “Şadyýan pursatlar” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir. Şoňa görä-de, biz iň gowy zatlarymyzy olara bagyşlaýarys we bu hemişe-de şeýle bolar” diýmek bilen, çaglarymyzyň okamaklary, gowy dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin yzygiderli alada edilýär. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermek, olaryň tebigy zehinini açmak, ukyp-başarnaklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň agzybirligi, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän, ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tumumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!


HABARLAR