“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň “Neşirleri toplamak we işlemek” bölüminiň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 24-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Garaşsyzlyk – ösüşleriň aýdyň ýoly” atly ertirlik geçirdiler. Bu ýerde okuwçylara Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri we ösüşleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Soňra Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän şygyrlar okalyp, okuwçylar bilen sorag-jogap alyşyldy we kitap sergisine syn edildi. Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylary özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşap, bilim alýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.