Lebap welaýat kitaphanasynda Hasyl toýuna bagyşlanyp “Hasyl toýy – berekediň we bolçulygyň baýramy” ady bilen duşuşyk geçirildi.Ýurdumyzda ulydan bellenilýän bu baýrama bagyşlanan duşuşyga Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalary, oba hojalygynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypalar, daýhanlar, kärendiçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň : “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr” diýen sözleri biz daýhanlary has-da buýsandyrdy, galkyndyrdy diýip çykyş eden kärendeçi buýsanç bilen belläp geçmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Bereket ummany - türkmen ýaýlasy” atly giňişleýin kitap we öz ýurdumyzdza bitýän dürli nygmatlaryň sergi bolsa çärä öz öwüşginini berdi.