Wepaly dost, edermen goragçy

Wepaly dost, edermen goragçy

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynyň körpelerine “Wepaly dost, edermen goragçy” ady bilen kitaphana syýahat geçirdiler. Kitaphana hünärmenleri türkmen alabaý itleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Çagalar “Türkmen alabaýy” atly kitaby bilen tanyşdylar. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, asylly däbe eýerilip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda uludan bellenip geçilýär. Milli Liderimiziň egsilmez ylhamyndan, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmen alabaýy” atly kitaby biziň ählimiz, hususan-da, ýaş nesiller üçin diýseň gymmatlydyr. Çünki kitapda alabaýyň goragçy we wepaly dost hökmündäki aýratynlyklary barada aýdylýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýaş nesillerde milli gymmatlygymyz hasaplanýan türkmen alabaýlaryna bolan söýgini has-da artdyrmaga ýardam berýär.


HABARLAR