“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan_bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy çagalaryň kitap okamaga bolan höwesini we islegini artdyrmak maksady bilen Türkmenabat şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynda “Ertekide gudrat bar” atly gürrüň geçirdiler. Bu ýerde çagalara gyzykly ertekiler okap berildi. Çagalar hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesil hakda uly aladalar edip, çagalaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ýurdumyzda döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlaryny aýtdylar.