Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat etmek” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynda “Arkadag atam bilen” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy biziň dünýämizi has-da nurlandyrýar. “Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys” diýip nygtaýan Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan sagbolsunlary, belentden ýaňlanýan çaga sesleri ýaň salýar.