,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at myradyň mekany’' ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş myzeýinde, bu medeni ojagyň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda ,,Watan dillerimiziň baky senasy” ady bilen giňişleýin serginiň açylyş dabarasy geçdi. Bu ýere welaýatyň edara-kärhanalaryň, Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ýetilen sepgitlerimiz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri öz beýanyny tapdy. Gatnaşyjylarda bu sergi uly täsir galdyrdy.