Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Asudalygyň synmaz binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan döredilen giňişleýin kitap sergisinde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Kitaplar ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitaplar bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýolgörkeziji nusgalyk taglymatdyr. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde okamana, öwrenmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.