,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’' ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylaryň güni mynasybetli gezelenç gurnaldy. Gezelenje harby we hukuk goraýjy işgärleri gatnaşdylar. Kitaphananyň döwrebap tekçelerinde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri ýerleşdirildi. Kitaplarda Watanymyzyň ykbalyna dahylly pursatlaryň Watan ogullarynyň yhlasy bilen çuň mana beslenýändigi şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz Mertler Watany beýgeldýär kitabynda: “Watanymyzyň edermen gerçekleriniň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly, batyr hem-de gaýratly, döwrümiziň ylmy öňegidişliklerine eýermegi başarýan zehinli bolmaklaryny arzuw edýärin” diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata ýugrulan syýasaty Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerine öwrülip, bu gün her bir türkmeniň bereketli ojagyna bagt eçilsin.