Garabekewül etrap medeniýet merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp etrap merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Bir ojaga jem bolup” ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrabymyzyň tanymal şahyr zenany Ogulbeg Jumaýewanyň, kümüş saçly enelerimiziň, dürli pudakda zähmet çekýän gelin gyzlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserli ýaş nesli Watançylyk ruhynda terbiýelemekde uly gollanma bolup dyrýar diýip buýsanç bilen bellediler. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Älem syry kirap bilen açylýar” atly guralan kitap sergisi bolsa, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.