Kitaplar köňülleriň küýsegi

Kitaplar köňülleriň küýsegi

Lebap welaýat kitaphanasynda “Kitaplar köňülleriň küýsegi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde esasanam Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kop tomly ensiklopedik kitaplarynda nygtaýşy ýaly, pederlerimiziň asyrlarboýy sünnäläp, türkmeniň milli gymatlyklaryna öwrülen halk lukmançylygynda ulanulýan dermanlyk ösümlikler baradaky däp-dessurlary we dürli tärleri ylmy esasda öwrenip, türkmen topragynda ösýän 2000 müňden gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýandygy barada bellediler. Şeýle-de türkmen halkynyň saglygy ugrynda uly aladalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR